text.address
Kerki etrap alyjylar jemgyýeti

Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda...

Biz şu günler, hakykatdan-da, uly taryha dahyllylyk duýgularyny başdan geçirýäris. Diňe başdan hem däl, ýürekden geçirip, täze döwrüň hyjuwy bilen, geljegimiz babatda çynlakaý maksatlary, ýagşy oý-pikirleri ýürekde besleýäris. Eýsem-de, şu günüň taryhy aýratynlygy nämede?! Taryhyň şu pursadyndan Türkmenistanda täze nesliň döwlet dolandyryp başlandygynda. Bu nesil — türkmen halkynyň garaşsyz ösüşiň 30 ýylynda milli ruhuň döwresinde ýetişdiren nesli. Elbetde, dolandyryşyň täze tapgyrynda hem il ýörän asyl ýol, halk goldan adyl syýasat gyşarnyksyz dowam etdiriler. Şonuň bilen bir wagtda-da, döwlet başyna täze şahsyýetiň gelmegi bilen, täze pikir-garaýyşlaryň, täzeçe çemeleşmeleriň gelýändigi hakykat. Gazanylan baý tejribäniň ýaşlaryň gujur-gaýraty, täzeçilligi bilen utgaşan ýerinde bolsa ýetilmejek sepgit ýokdur. * * * 12-nji martda giň demokratik esaslarda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda halkyň sesi, ýürek emri döwlet Baştutanlygyna mynasyp şahsyýeti öňe çykardy. Sesleriň 72,97 göterimini alan hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählihalk tarapyndan saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi. 19-njy martda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde täze döwlet Baştutanymyz öz wezipesine girişmek dabarasynda türkmen halkynyň öňünde kasam edýärkä, öňde duran maksatlardyr wezipeler barada söz sözleýärkä, il-ulus bir jan, bir ýürek bolup, Serdar Ogluny gutlaýarka, soňra dabaralar “Oguz han” köşkler toplumynyň öňünde dowam edýärkä, hakykatdan-da, hemişe ynamyň üstün çykýandygyna, ynamly halkyň bagtly halkdygyna çuňňur düşünmegiň iň ýakymly we iň tolgundyryjy duýgulary kalba doldy. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyşy ýaly, ýaşaýyş hem biziň ynamymyzyň daşyndan aýlanýar. Gadymy Gündogarda bolsa “Ynanmak möhümdir, ynanylmak möhümdir. Möhümden möhümi bolsa ynamyň ödelmegidir” diýen pähim bar. Türkmenistanyň täze Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýýan maksatlarynyň hut halkyň ynamyny ödejek jana-jan wezipeler bilen baglydygyna döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişmek dabarasynda ilkinji sözlän sözüni diňlän her bir türkmenistanly göz ýetirendir. Dogrusy, hormatly Prezidentimiziň bu maksatnamalaýyn çykyşy özbaşyna uly söhbet... * * * Maksatlaryň myrat tapmagy olara ulus-iliň bil guşap, bilek çermäp, yhlas bilen goşulyşmagyna hem bagly. Öňde duran menzillerde il-halkymyzyň täze döwlet Baştutanynyň daşyna arka-döş birleşip, yhlasyny gaýgyrmajakdygy şübhesiz. Sebäbi dünýe ýaşly parasatly halkymyz döwlet Baştutanyny goldamagyň, hut özüňi, tükel nesilleriňi goldamakdygyna, döwletliligiň synly-synagly ýollaryny diňe birleşip-bitewüleşip geçip bolýandygyna örän gowy düşünýär. Şondan ötri, «Prezident» diýen düşünje halkymyzda diňe bir syýasy däl, eýsem, has ymgyr ruhy mana eýe bolan sözdür. Munuň özi türkmeniň “döwlet” sözüne aýratyn dereje berip, oňa hem “berkarar ýurt”, hem “rysgal-bereket», “dokuzy düzüwlik” manylaryny ýükleýşi bilen bir zatdyr. Türkmen halky döwlet Baştutanynda düýnüniň, şu gününiň, ertiriniň üzülmez baglanyşygyny, döwletliliginiň kepilini görýär, geljege dahylly iň röwşen arzuw-umytlaryny, maksat-myradyny onuň bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bolsa wezipä girişmek dabarasynda: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ölmez-ýitmez sözleri aýtdy. Ine, şu ýerden hem halk bilen döwlet Baştutanynyň jebisligi, birek-birege mizemez ynamy başlanýar. Bu ynam tamdyrdan çykan çörek ýaly mukaddesdir. Ähli rowaçlyklaryň biloňurgasydyr. Watanyň her gysym topragynda, her damja suwunda bir zerrejigimiziň bolşy ýaly, döwlet Baştutanynyň saýlanmagy ýaly möhüm çözgütde hem biziň her birimiziň ýürek sesimiz bar. Diýmek, öňde goýulýan belent maksatlaryň amala aşmagynda-da biziň her birimiziň goşandymyz bolmalydyr. * * * Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly kitabyna ser salalyň! Arkadagymyzyň garry atasy Anna serdar öz ogly Berdimuhamedi boýunmündük edip ýörşüni geňirgenen käbir obadaşlaryna şeýle jogap berýär: “Berdimuhamedim meniň gözýetimde görýänimden aňyrlaryny görsün diýip göterýärin. Enşalla, umydym hasyl bolar... Perzent pederinden beýik bolmalydyr. Berdimuhamet beýik bolmagy şu wagtdan öwrensin”. Indi Berdimuhamet mugallymyň pikir ýöredişini görüň: “Eger-de mugallym bolmadyk bolsaň, durmuşda başga kim bolmak islärdiň?” diýen sowala: “Taryhy döredýän döwlet adamy bolmak islärdim” diýip jogap bererdim”, “Öz taryhynyň, mertebesiniň, sarpasynyň, namysynyň, geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň hakyky eýeleri boljak nesilleri kemala getirmek. Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer”... Gahryman Arkadagymyz: “Bütin ömrüme men özümi atama deňedim hem-de hemme mesele babatda oňa meňzemäge çalyşdym” diýýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna milli Liderimiziň hem-de halkyň ynamyny gazanyp, döwlet Baştutanlygyna saýlanan Serdar Berdimuhamedowyň egin deňläp gelýän pursatlarynda biz gadymdan gelýän peder-perzent mekdebiniň dowamat-dowamlylygyny gördük. Munda türkmeniň gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýörelgesiniň iň ýokary derejede rowaçlanmasy bar. * * * Nesiller babatda bolşy ýaly, döwürler hem iç-içe, eriş-argaç baglanyşyp, olar özüniň dowamatyny we üstüniň ýetirilmesini beýleki bir döwürde ýüze çykarýar. Hiç bir döwür öz-özünden döremeýär. Döwür döwri döredýär. Şoňa görä-de, täze zamana hakdaky söhbetlerimiz tebigy suratda arka atylan ýyllara syrygýar. Aslynda, halk hökmünde giň gerimde pikirlenmek, alys geljegi nazarlap, şu günüň mümkinçilikleri esasynda hereket etmek, öňde uly maksatlary goýup, oňa ähli yhlasyňy gönükdirmek ukybymyzyň ýokary derejede artandygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bitirilen ägirt uly işler bilen baglydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda baştutanlyk eden ýyllarynda şondan ozal hyýallarymyzyň hem ýetip bilmedik sepgitlerine ýetdik. Wagt atly gymmatlygyň ýyllar bilen däl-de, bitirilen işler we gazanylan üstünlikler bilen ölçenilýändigini şu döwür, onda amal edilen asyrlara barabar tutumlar aýdyň görkezdi. Halkymyz döwletli Oglundan döwlet tapdy. Garaşsyz ösüşiň ykbal kesgitlän 15 ýyly hakda biz entek kän söhbet ederis. Onda bitirilen işlere taryh öz bahasyny keser. * * * Adamzadyň taryhyň gidişini dolandyryp bilmäge, parahat ýaşaýşy döretmäge bolan ukyby döwlet gurluşynda aýan-äşgär ýüze çykýar. Döwlet milli ruhuň gaýmagy hasaplanýar. Milletiň iň oňat, iň beýik ruhy güýçleri we mümkinçilikleri döwletde jemlenýär. Döwletiň döredilmegi, binýadynyň berkidilmegi üznüksiz taryhy döredijilik işi bolup, nesilleriň zehini, zähmeti şu mukaddes maksatda birleşýär. Halkyň ymgyr uly güýjüni beýik geljege gönükdirip bilmek döwlet Baştutanyna, onuň pähim-parasadyna bagly bolýar. Nesilbaşymyz Oguz han: “Sen kim bolsaň, şoňa görä ýük götermeli! Uly bolsaň, uly ýük, kiçi bolsaň, kiçi ýük. Öz öýüň adamy bolsaň — gerdeniňde maşgalanyň keşigi, obanyň kethudasy bolsaň — gerdeniňde obanyň ýüki, han bolsaň — gerdeniňde iliň ýüki, serdar bolsaň — gerdeniňde ýurduň ýüki!” diýipdir. Görogly beg: Owalbaşda Hudaýymdan Döwlet gerekdir ýigide — diýipdir. Magtymguly Pyragy: Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda, Hemaýatly ili gerek daşynda — diýipdir. Bu gün bolsa türkmen ili berkarar döwletiň halky hökmünde: Harasatlar almaz, syndyrmaz siller Nesiller döş gerip gorar şanymyz! — diýýär. * * * Bahar — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. Bu ýylyň bahary türkmenistanlylar üçin, turuwbaşdan, täzelenişiň, täze taryhy döwrüň badalgasy bolup geldi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy bolup geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine girişenden soňra, ilkinji gatnaşan çäresiniň ählihalk bag ekmek dabarasy bolandygyny hem halkymyz gowulyga ýorýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýlişi ýaly, bag — ýaşaýşyň dowamatlylygynyň nyşany. Hormatly Prezidentimiziň agaç nahalyny oturdýan pursadynda, pederleriň: “Durmuşyň düýp many-mazmuny elmydama başgalaryň üstüne saýa salyp durjak agaç ekmekdedir” diýen sözleri sere geldi. Goý, döwlet Baştutanymyzyň bu keremli topraga oturdan daragty geljege saýa salyp, miweleri il-güne hözir bersin! Kakamyrat REJEBOW. “Türkmenistan”.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar