text.address
Kerki etrap alyjylar jemgyýeti

Buýanly çörek — täze önüm

Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha ýaýbaňlanýar. Şol işleriň çäginde tebigy çig maldan ýerli derman serişdeleriniň önümçiliginiň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ilaty we bejeriş edaralaryny ýokary hilli derman serişdeleri bilen üznüksiz üpjün etmekde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň kärhanalaryna möhüm orun degişlidir. Häzir Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dermanhanalaryň ençemesi gije-gündizleýin işleýär. Birleşige degişli derman kärhanalary düýpli kämilleşdirildi. Olarda melhemlik we derman üpjünçiligi işinde döwlet syýasatyny amala aşyrmak, ilatyň ýokary bejerijilikli, hil taýdan iňňän oňat, saglyk üçin howpsuz derman hem lukmançylyk ähmiýetli serişdeler bilen üpjün edilmegini gazanmak boýunça işler alnyp barylýar. «Türkmendermansenagat» birleşiginiň täze işe girizilen ammarlar toplumy bolsa derman serişdelerini ýerleşdirmek we saklamak üçin niýetlenen ýörite, döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Birleşigiň işleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitaplaryna esaslanyp gurnalandyr. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikler, türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň şypa beriji dermanlyk häsiýeti, bejerijilik ähmiýeti ylmy taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde ulanylýar. «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy 150-ä golaý derman serişdesini öndürýär. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna buýan kökünden täze önüm — gerdejik derman görnüşli we zenjebilli buýanly şerbet öndürildi. «Saglyk» derman kärhanasynda hem ekologik taýdan arassa, ýerli çig maldan önüm öndürilýär. Buýan köki şekerden 40 göterim süýjüdir. Lukmançylykda buýan köki gakylyk goparyjy, sowuklama garşy, böwrek-daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzda buýan köküniň şiresi, süýri dänesi, melhem çaýy öndürilýär. Türkmenistanda ösýän buýan köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň COVID-19 ýokanjyna garşy bejerijilik häsiýetiniň bardygy anyklandy. Hormatly Prezidentimiziň buýanyň dermanlyk häsiýetlerini düýpli öwrenip, çig mal mukdaryny artdyrmak, innowasion tehnologiýalar arkaly özleşdirmegi ýola goýmak we daşary ýurtlara eksport edilmegini ýokarlandyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek işleri dowam edýär. Ondan önümçilige täze derman görnüşini girizmek bilen çäklenmän, eýsem, buýanyň keselleri bejermekde, kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsirini nazara alyp, dürli iýmit önümlerini öndürmek ýola goýulýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitet klinikasynyň Infeksiologiýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan «Buýan köküniň we onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermek häsiýeti barada» ylmy-barlag işi alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli lukmançylyk ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin ýörite maksatnamalar, strategiýalar hereket edýär. Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi üçin hem-de dürli nesil yzarlaýan keselleriň öňüni almak maksady bilen, döwlet derejesinde nahar duzy ýodlaşdyrylýar. Un demir bilen baýlaşdyrylyp, foliý turşusy bilen rençlendirilýär. Elbetde, döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän bu ugurdaky işleriň galkan şekilli mäziň dürli keselleriniň hem-de ganazlygyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Günüň dowamynda biz ýod bilen baýlaşdyrylan nahar duzuny 3 — 5 gram mukdarda ulanyp, süňňümizde ýoduň zerur mukdarynyň bolmagyna ýardam berýäris. Dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, adamlaryň immun ulgamyny berkitmek maksady bilen, buýan köküniň ekstraktyndan diňe derman serişdeleri we saglyk maksatly serişdeleri öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn iýmitlenmek maksatnamasynyň çäklerinde buýan köküniň ekstraktyny öz düzüminde saklaýan iýmit önümleri öndürilip, halk köpçüligine hödürlenilýär. Käbir adamlar buýany arassa derman serişdesi, şerbet, çaý görnüşinde kabul edip bilmeýärler, şol sebäpden olarda immun ulgamy tebigy usulda berkişmezek bolýar. Ynha, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde soňky ady agzalan ministrligiň çörek önümleriniň «Bereketli» söwda merkezi tarapyndan halk köpçüligine «Buýanly» çörek önümi hödürlenilýär. Çörek we çörek önümleri adamlaryň gündeki azygy bolup, olaryň süňňüni gerekli bolan mikroelementler, makroelementler, witaminler, iýmit süýümi bilen baýlaşdyrýar. Elbetde, adam çörek bilen günüň dowamynda özi üçin zerur bolan gerekli maddalaryň öwezini doldurýar. Düzüminde buýan köküniň ekstrakty bolan çöregi iýmek bilen, buýanyň düzümindäki glisirrizin turşusynyň süňňüne barmagyna ýardam berýär we immun ulgamyny berkidýär. Ogulmähri GELDIÝEWA, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar