text.address
Kerki etrap alyjylar jemgyýeti

Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplar gelip gowuşdy

Golaýda Lebap welaýat kitaphanasyna ;Galkynyş; kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ;Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri; atly kitabynyň I jiltiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan ;Hatyra; kitabynyň V jiltiniň, ;Arkadag hem Pyragy–köňüller şamgyragy; kitabynyň ;Türkmen keçesi; kitabynyň, şeýle-de Annadurdy Eýeberenowyň ;Syrly setirleriň çözgütleri;, Akmyrat Hojanyýazowyň ;Watan hakda aýdym;, ;Özüň bolup ýaşamak; atly kitaplarynyň bolmagy kitapsöýerleri diýseň begendirdi. Täze gelip gowşan kitaplaryň jemi sany 1760 bolup, olar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary sergileriň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler. Bu bolsa kitaphanalarda okyjylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar