text.address
Kerki etrap alyjylar jemgyýeti

Tebigat — bu biziň öýümizdir

Tebigat — bu biziň mähremligi, gözelligi babatda hiç bir öý bilen çalşyp bolmajak umumy öýümizdir. Ol öýi goramak, arassa saklamak, gözelleşdirmek biziň borjumyzdyr. Şol gözelligi gorap saklamak üçin ösüp gelýän ýaş nesle ekologik bilim-terbiýe bermek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Bu babatda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle ýörite tassyklanan okuw maksatnamalary esasynda ekologik düşünje berilýär. Adamyň gündelik ýaşaýşynda tebigatyň, tebigy baýlyklaryň uly ähmiýeti bardyr. Tebigat bilen adam aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol baglanyşygyň dowam etmegi üçin hem dünýäde daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi, tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Türkmen halkynyň taryhykökleri mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum sährasy, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi, onuň ajaýyp kenary bilen aýrylmaz baglydyr. Tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy türkmeniň däp- dessurlarynda, Döwlet nyşanlarynda, egin-eşiginde, häsiýetinde görmek bolýar. Türkmeniň sadalyk, päk göwünlilik, dogry sözlülik ýaly häsiýetlerinde tebigat bilen arabaglanyşyk bar. Ekologik terbiýe, ekologik düşünje halkymyzyň iň ileri tutan taglymatlarynyň biridir. Ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda ähli bilimler bilen bir hatarda ekologik bilimi, ekologik sowatlylygy artdyrmaga uly üns berilýär. Güneşli Diýarymyzyň tutuş taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty, uç-gyraksyz Garagum sährasy, Köpetdagyň belent gerişleri we gojaman Hazaryň ajaýyp kenary bilen baglydyr. Halkymyzyň asyrlarboýy ene topraga söýgi bilen çemeleşip, alada bilen gurşalanda, bereketli hasyl eçilýändigi baradaky mukaddes ynamy halal ýaşamaga, tebigat bilen sazlaşykly ömür sürmäge ruhlandyryjy güýç bolup gelipdir. Şonuň üçinem, söz ussatlarymyz tebigaty gözel baga, adamyň kalp mährini topraga, ýürek söýgüsini bolsa, teşneligi gandyrýan suwa meňzedipdirler. Türkmen topragynyň gözelligini geljekki nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek her bir türkmenistanlynyň borjudyr.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar